Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow bilen iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň Prezidentleriniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tagallalary netijesinde döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de olaryň okgunly we üstünlikli ösýändigini bellediler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda taraplar türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary kanagatlanma bilen bellediler, şeýle hem çalt ösýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, hususan-da migrasiýa babatynda hyzmatdaşlygyň bilelikde amala aşyrylýan çäreleri we giň mümkinçilikleri barada nygtadylar. Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir