Ozal habar berşimiz ýaly, 1-2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP-28) gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda boldy. Bütindünýä sammiti Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli gününiň bellenilýän günlerine gabat geldi. Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýda saparda bolmagynyň çäklerinde BAE-niň milli baýramynyň dabaralaryna gatnaşdy we onuň çäklerinde daşary ýurtly kärdeşleri bilen hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklary barada pikir alyşdy. Azerbaýjanyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Prezidentler Ilham Aliýew we Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralarynyň dowamynda iki ýurduň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi we strategik hyzmatdaşlygy ilerletmegiň täze ugurlary dogrusynda gürrüňdeş boldular. Ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni mynasybetli BAE-niň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna gutlaglaryny ýollandyklaryny habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir