Dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawyny täzelediler diýip, «Habar 24» ýazýar. Täze sanawda Sýurih we Singapur birinji orny paýlaşdylar. Olardan soň Nýu-Ýork we Ženewa ýerleşdi. Ilkinji onluga şeýle hem Gonkong, Pariž we Los-Anjeles girdi. Hünärmenler sanawy düzenlerinde, dünýäniň 170 sany iri şäherinde ýaşaýyş öýleriniň kärendesi, azyk harytlarynyň nyrhy we lukmançylyk hyzmatlarynyň bahasy ýaly görkezijileri seljerdiler. Olaryň maglumatlaryna görä, jemagat hojalyk hyzmatlary ABŞ-da has ýokary eken. Ýewropada jemgyýetçilik ulaglarynyň hyzmaty has gymmat. Aziýanyň şäherlerinde azyk harytlarynyň gymmatdygy hasaba alyndy. Ýaşamak üçin iň arzan şäherler hökmünde Damask we Tähran hasaba alyndy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir