Hepdäniň ikinji ýarymynda Türkmenistanda ýagyş ýagar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi: Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3... +8 gradusdan +8... +13 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +18... +23 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +11... +16 gradus maýyl bolar. Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +1... +6 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8... +13 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl bolar. Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +1... +6 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +10... +15 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl bolar. Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +6... +11 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl bolar. Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... +1 gradusdan +3... +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +1... +6 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda maýyl bolar. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2... +4 gradusdan +6... +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +11 gradusdan +19... +21 gradus aralygynda maýyl bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir