Braziliýada dowam edýän rekord derejeli guraklykdan millionlarça adam ýitgi çekýär diýip, «Habar 24» ýazýar. Amazonka derýasynyň 4 sany iň uly akymynyň suwy soňky 50 ýylda iň pes derejede azaldy. Netijede, soýanyň 10 million tonna hasyly howp astynda galýar. Amazonas ştaty iň ýitgi çeken künjekdir. Ol ýerde sentýabrdan bäri adatdan daşary ýagdaý dowam edýär. Guraklyk derýa arkaly azyk harytlaryny we derman serişdelerini daşamakda kynçylyklary döretdi. Agyr hassalary dikuçarlarda äkidýärler. Alymlar sebitiň 2024-nji ýylyň aýagynda başlanjak ýagyş möwsümi bilen bagly dikeljekdigini aýdýarlar. Guraklyk şeýle-de Wenesuela we Kolumbiýa aralaşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir