Bütindünýä banky howanyň üýtgemegi bilen bagly göreş taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin her ýyl 40 milliard dollardan gowrak maýa bölüp bermekçi. Bu barada bankyň başlygy Ajaý Banga Dubaýda geçen Howa sammitinde (COP28) habar berdi diýip, «Trend» ýazýar. Banga bu başlangyjyň 2025-nji ýyldan durmuşa geçiriljekdigini, ilkibaşda maliýeleşdirmek üçin 9 milliard dollar bölnüp beriljekdigini nygtady. Ýolbaşçynyň sözlerine görä, Halkara dikeldiş we ösüş banky we Halkara ösüş assosiasiýasy serişdeleri howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmak we olara uýgunlaşmak üçin yzygiderli bölüp berer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir