Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy ŞF-20 izolýatorlarynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu önümiň öndürilmegine kärhanada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «EСTkema» kompaniýasynyň ýokary derejede berk bolan keramiki toýuny almaga niýetlenen häzirki zaman enjamlar toplumynyň gurnalmagy ýardam etdi. «Nebitmaş» DK-nyň hünärmeniniň belleýşi ýaly, Germaniýanyň enjamy diametrine baglylykda, minutda 3-den 9 metre çenli ýygylykda ýokary berklikdäki keramiki toýuny almaga mümkinçilik berýär. Ol ýurduň elektrik energetikasy pudagynda uly isleg bildirilýän ŞF-20 farfor izolýatorlaryny öndürmäge niýetlenendir. ŞF-20 ýokary woltly howa elektrik geçiriji liniýalarynda simleri berkitmek we izolirlemek üçin ulanylýar. Häirki zaman enjamyny gurnamak işine daşary ýurtly hünärmenler gatnaşyp, enjamy ýola goýmaga ýardam etdiler, şeýle hem peýdaly maslahatlaryny berdiler we «Nebitmaş» DK-da öndürilýän elektrotehniki önümler babatda pikirlerini paýlaşdylar. «Nebitmaş» döwlet kärhanasy önümçilik sehlerini dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynda öndürilen ýokary tehnologiýa enjamlary bilen üpjün etmek işlerine aýratyn ähmiýet berýär, bu bolsa önümçilik işlerini döwrebaplaşdyrmaga hem-de milli ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklary üçin ýokary hilli önümleri öndürmäge ýardam edýär. «Nebitmaş» DK-nyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 2008-nji köçe, 6-njy jaý. elefon belgileri: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69. Faks: (+993 12) 76 02 25.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir