Ýaponiýanyň Honda Motor Co. awtoulag öndürijisi öňdäki howpsuzlyk kemerlerinde öňe çekijiniň bir düzüm böleginiň ýoklugy sebäpli ABŞ-da 300 müňden gowrak ulagyny yzyna çagyrýar diýip, MarketWatch habar berýär. Kampaniýa Accords we HR-V modellerine degişli bolar diýip, Ýol hereketiniň howpsuzlygy milli dolandyryş gullugynyň (NHTSA) habarynda aýdylýar. Kemeriň öňe çekilýäninde berçinleýjiniň bolmazlygyny kompaniýa gurnama wagtynda goýberilen ýalňyşlyk diýip düşündirdi. 16-njy noýabra çenli Honda bu mesele bilen baglanyşykly ýedi şikaýat geldi, ýöne şikes alnandygy barada hiç hili habar gelip gowuşmady.