Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti 3 — 7-nji dekabr aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolar. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berdi. Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde Magtymguly Pyragynyň nemes dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy bolar. Magtymguly Pyragynyň nemes dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy bilen birlikde, Berlinde «Magtymgulynyň şygryýetiniň Ýewropaly alymlar tarapyndan öwrenilişi» atly halkara ylmy maslahat, şeýle-de onuň dowamynda medeni çäreler hem geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir