Merriam-Webster kompaniýasy tarapyndan neşir edilýän Merriam-Webster’s Collegiate Dictionary amerikan düşündirişli sözlügini düzüjiler emeli aňyň ösmegi bilen baglylykda “authentic” (“hakyky”) sypatyny 2023-nji ýylyň sözi hökmünde saýladylar. Bu barada sözlügiň redaktory Piter Sokolowski Associated Press agentligi bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip, gazeta.ru habar berýär. Sözlükde “authentic” sözi üçin birnäçe düşündiriş berlen: ýalan däl, hakyky, çyn, faktlara esaslanýan, asyl nusga bilen meňzeş. Sokolowski 2023-nji ýylda hakykylyk çökgünliginiň ýüze çykandygyny belledi. “Haçan-da biz haýsydyr bir zadyň hakykylygyna şübhelenip başlanymyzda, biz ony hasam gadyrlap başlaýarys” – diýip, ol aýdýar. Merriam-Webster-iň pikiriçe “ýylyň sözi” barada resmi bildiriş soňrak yglan ediler. Sokolowski häzirki wagtda biziň görýän zatlarymyza hemişe ynanyp bilmeýändigimize ünsi çekýär. Bellenilişi ýaly, emeli aňyň ösmegi nämäniň hakyky bilen nämäniň hakyky däldiginiň arasyndaky serheti bulaşdyrdy, şonuň netijesinde meşhur adamlar, brendler we inflýuenserler sosial ulgamlarda özleriniň hakykylygyny subut etmäge çalyşýarlar. Ýylyň sözüni saýlamaklyk sözlügiň saýtyndaky gözlegleriň seljermesine esaslanýar. Sokolowski “authentic” sözüne bolan gyzyklanmanyň tutuş 2023-nji ýylyň dowamynda ýokary bolandygyny aýtdy. Şu ýyl Merriam-Webster topary “söýgi” we “täsir” ýaly meşhur dalaşgärleri, şeýle-de Wordle we Quordle oýunlary bilen baglanyşykly sözleri aýyrdy. “Ýylyň sözüne” dalaşgärler “authentic”, X (öň Twitter), EGOT (“Emmi”, “Gremmi”, “Oskar” we “Toni”) hem-de “Elemental” (“Ýönekeý”, Pixar kompaniýasynyň täze multfilminiň ady) boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir