Dünýäniň iň baý adamlaryndan biri bolan Mark Sukerberg köp wagtyny işe sarp edýär, ýöne şol bir wagtyň özünde syýahat etmäge, çagalary bilen güýmenmäge we MMA-nyň pälwanlary bilen türgenleşmäge hem wagt tapýar. Metanyň baş direktory irden sagat 8 töweregi oýanan badyna derrew telefonyndaky Facebook-y, Messenger-i we WhatsApp-y barlaýar. Dünýäde bolup geçýän wakalara baglylykda, bu birnäçe minutdan başlap, has köpräk wagta çenli alyp biler. Irdenki maglumatlary alandan soň, Sukerberg türgenleşik geçmäge gidýär. Häzir Sukerberg hepdede üç-dört gezek güýç, gujura laýyk we hereketli türgenleşiklerden başga-da, jiu-jitsu bilen meşgullanýar we MMA-da türgenleşýär. Sukerbergiň ertirlik naharynda nämeler iýýändigi mälim däl, ýöne ýakynda günde 4000 kaloriýa sarp etmäge çalyşýandygyny aýtdy. Surnukdyryjy fitness-režim myşsa belogynyň sintezini, elektrolitleriň üstüni doldurmagy we umumy dikeldişi goldamak üçin ýokary kaloriýaly naharlardan köp iýmäge mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde, ol McDonald’s-dan hem naharlanýar. Sukerbergiň üýtgeşik häsiýetleriniň biri her gün şol bir eşik geýmegidir: onuň «iş eşigi» - jinsi, krossowka we çal futbolka. Onuň sözlerine görä, şeýlelik bilen ol wagtyny we akyl güýjüni «iýýän» ownuk-uşak kararlardan gaça durýar. Sukerberg 2015-nji ýylda CNN telekanalyna hepdede 50-60 sagat wagtyny «Facebook-a» (6,25-den 7.5-e çenli doly 8 sagatlyk iş gününi) sarp edýändigini, ýöne hemişe öz kompaniýasy hakda pikir edýändigini aýtdy. Sukerbergiň iş tertibiniň yzygiderli syýahatlar sebäpli üýtgeýändigine garamazdan, maşgalasy üçin hemişe wagt tapýar. 2012-nji ýylda ol uzak wagtdan bäri gatnaşyk saklaýan garwardly gyzy, çaga lukmany Prissilla Çana öýlendi we Maksima, Awgusta we Aurelia atly üç gyzy bar. Sukerberg çagalary bilen dürli temalary ara alyp maslahatlaşýandygyny we olary saglyk, dostlar we maşgala ýaly durmuşlarynyň möhüm taraplary hakda pikirlenmäge ugrukdyrýandygyny aýtdy. Çanyň sözlerine görä, adamsy her gije çagalara kitap okap berýär ýa-da ýatmazdan ozal “Teýlor Swiftiň aýdymlarynyň sözlerini öwredýär”.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir