Mobile-review portalynyň awtory 2023-nji ýylda çykan esasy smartfonlardan iň gowy bäş smartfonyň sanawyny hödürledi. Sanawda birinji orny ýylyň iň gowy smartfony diýlip atlandyrylýan Samsung Galaxy S23 Ultra eýeledi. Şeýle-de bolsa, bu smartfonyň hem kemçilikleri bar. Şolardan biri, käbir ulanyjylaryň gözleriniň çalt ýadamagyna sebäp bolup biljek ýokary PWM pulsasiýaly ekrandyr. Smartfonyň artykmaçlyklarynyň arasynda öndürijilik we awtonom iş wagty, ýokary derejede gyzmanyň bolmazlygy bellenilýär. Şeýle-de, bu stilusy bolan ýeke-täk smartfondyr. Ikinji orny flagman dizaýny, Leica-dan kameralary, öndürijiligi we suwdan goragy hödürleýän Xiaomi 13T Pro eýeledi. Gurluşyň ýene bir artykmaçlygy dowamly goldawdyr. Kompaniýa gurluşy Android 17-ä çenli täzelemegi wada berýär. Liderleriň üçlügini ortaça bahaly Realme 11 Pro+ jemleýär. Smartfon stile laýyk we özboluşly dizaýna hem-de ýokary hilli 200 Mp kamera eýe boldy. Şeýle-de, gurluş AnTuTu bençmarkynda 600 müňe golaý bal gazanýan MediaTek Dimensity 7050 çibi bilen üpjün edildi. Dördünji we bäşinji orunlarda Infinix Note 30 we Samsung Galaxy Z Flip5 ýerleşdi. Mundan başga-da, Oppo Find N2 we N3 Flip çeýe smartfonlaryna, şeýle-de Samsung-yň alternatiwasy hökmünde seredip boljak Tecno Phantom V Flip smartfonlaryna aýratyn üns berilýär.