Hytaýyň çip öndürijisi Loongson Technology täze nesliň Loongson 3A6000 kompýuter prosessoryny işläp düzdi. Onuň tanyşdyrylyşy Pekinde geçirildi diýip, Hytaýyň Merkezi telewideniýesi habar berýär. Prosessoryň görkezmeler toplumy we arhitekturasy doly derejede Hytaýda taýýarlanan, olar daşary ýurtlaryň ygtyýarlandyrylan tehnologiýalaryna bagly däl. Teleýaýlym prosessoryň häsiýetli aýratynlyklarynyň halkara ülňüleriniň derejesine ýetendigini belleýär. Şeýle-de, kompaniýa “bazarda Hytaýyň printerleriniň sanyny artdyrmaga kömek etjek” Loongson 2P0500 atly printer kontrollerini hödürledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir