“Lew Ýaşin. Meniň arzuwymdaky derwezeban” filmi Italiýada geçirilen “Paladino d’Oro Sport Film Festival” atly halkara sport kinosynyň festiwalynda baş baýraga eýe boldy. Filmiň režissýory Wasiliý Çiginskidir diýip, championat.com habar berýär. Bu festiwala 40 ýurtdan 150-den gowrak film gatnaşdy. Lew Ýaşin hakyndaky filmiň premýerasy Russiýada 2019-njy ýylyň noýabr aýynda boldy. Film hakyky wakalara esaslanyp, sowet döwrüniň meşhur derwezebanynyň ömri we sport karýerasy barada gürrüň berýär. Ýaşin futbol taryhynda “France Football” neşiri tarapyndan ýylyň iň gowy oýunçysyna berilýän “Altyn topy” alan ýeke-täk derwezebandyr. Ady rowaýata öwrülen “Dinamonyň” futbolçysynyň hormatyna iň gowy derwezeban üçin baýrak atlandyryldy. Öň, Ýaşin ChatGPT-niň wersiýasyna görä ähli döwrüň iň gowy derwezebanlarynyň ilkinji onlugynda birinji orny eýeledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir