OnePlus kompaniýasy OnePlus 12 flagman smartfonyny çykarýandygyny resmi taýdan anons etdi. Onuň tanyşdyrylyş dabarasy 5-nji dekabrda geçiriler diýip, “Rossiýskaýa gazeta” habar berýär. Kompaniýanyň prezidenti Li Szeniň aýtmagyna görä, täze smartfon “onýyllygyň flagmany” bolar we kuwwatlylygy boýunça Snapdragon 8 Gen 3 çibsetiniň esasynda işleýän häzirki gurluşlaryň ählisinden öňe geçip biler. Brendiň wekili öz sözlerine doly ynamynyň bardygyny, sebäbi işläp düzüjileriň smartfonyň üstünde bir ýyldan gowrak wagt zähmet çekendiklerini belledi. Ýatlap geçsek, OnePlus 12 smartfonynyň esasy tapawutly aýratynlyklarynyň biri 2K ekrany we görüş barada täze alada ediş ulgamy boldy. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, pudakda şeýle aýratynlyklar heniz ýok.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir