Madridiň “Realynyň” oýunçysy Winisius Žunior 2023-nji ýylyň iň gowy braziliýaly futbolçysy hökmünde “Samba Gold” (“Altyn samba”) baýragyny aldy. Bu barada championat.com habar berýär. Ses berişlikde ikinji orny “Al-Hilýal” saud klubunyň hüjümçisi Neýmar eýeledi, üçünji orunda “Pari Sen-Žermeniň” goragçysy Markinos ýerleşdi. Bu baýrak 2008-nji ýylda esaslandyryldy we onuň ilkinji eýesi Kaka bolupdy. 2021-nji ýyla çenli “Altyn samba” Ýewropada çykyş edýän iň gowy braziliýaly oýunça berildi. 2021-nji ýyldan bäri baýraga dünýäniň ähli ýerinden braziliýalylar dalaşgär görkezilýär. Ýatlap geçsek, Winisius 2018-nji ýylda 35 mln ýewro “Flamengodan” “Reala” geçdi. Onuň klub bilen häzirki şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenýär. Transfermarkt portaly oýunçynyň bazar bahasyny 150 mln ýewro bilen bahalandyrýar. Häzirki möwsümde braziliýaly oýunçy ähli ýaryşlarda 13 oýna gatnaşyp, alty gol we dört netijeli geçirim bilen tapawutlandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir