Apple iň soňky iOS 17 täzelenmesinde ulanyjylaryň görejini goramagy maksat edinýän iPhone we iPad üçin Screen Distance funksiýasyny hödürledi. Täze aýratynlyk, esasanam, çagalarda gözüň ýadamazlygynyň öňüni almaga we şowakörlügiň (miýopiýa) döremek howpuny azaltmaga kömek edýär. Screen Distance aýratynlygy ekranyň we ulanyjynyň gözüniň arasyndaky aralygy ölçemek arkaly işleýär. Şeýle-de bolsa, enjamyň kamerasy şekilleri ýa-da wideolary özünde alyp galmaýar, ýygnan maglumatlary enjamda galýar we Apple-e geçirilmeýär. Bu aýratynlygy işjeňleşdirmek üçin, iOS 17 bilen işleýän Face ID-li iPhone-da ýa-da iPad-de «Sazlamalary» açyň, Screen Time-y, soňra bolsa Screen Distance-i saýlaň. Aýratynlyk açylansoň, enjam ulanyjynyň ýüzüne gaty ýakyndygyny anyklasa, ondan daşlaşmagyny haýyş edýän habarnama peýda bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir