Tehnologiýalar dünýäsinde köne wersiýadaky Android-li smartfonlaryň aglabasyna täsir edip biljek üýtgeşmeler bolup geçer. Wagtyňy guramagyň iň meşhur goşundylarynyň biri bolan Google Calendar ykjam goşundysy Android Nougat 7.1 we has köne enjamlarda işlemegi bes edip biler. Bu goşundynyň soňky täzelenmesinde peýda bolan täze baýdakdan mälimdir. 2016-njy ýylda çykan Android Nougat Google-yň operasion ulgamynyň eýýäm köne wersiýasy hasaplanýar. Golaýda Google Chrome hem bu wersiýany goldamagy bes etdi, indi bolsa Google Calendar hem şeýle edýär. TheSpAndroid-den AssembleDebug tarapyndan açylan goşundydaky täze baýdak Nougat goldawynyň ýakyn wagtda bes ediljekdigini görkezýär. Gözleg ägirdiniň bu karary howpsuzlyk nukdaýnazaryndan ýerlikli bolup görünýär, sebäbi Android-iň köne wersiýalary hüjümler we maglumatlaryň syzmagy babatynda has ejizdir. Mundan başga-da, OS-yň köne wersiýalaryny goldamak ep-esli wagty we maliýe çykdajylaryny talap edýär. Köne telefonlar, köplenç, täze programma aýratynlyklaryny dolandyryp bilmeýärler, bu bolsa enjamyň has haýal işlemegine we beýleki kynçylyklara sebäp bolýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir