The Guardian gazetiniň habar bermegine görä, Täze Zelandiýanyň hökümeti "tutuş bir nesle" çilim çekmegi gadagan etmekden ýüz öwürdi. 2022-nji ýylyň ahyrynda kabul edilen kanunyň taslamasynda 2008-nji ýylyň 31-nji dekabryndan soň doglanlara çilim satmagy gadagan etmek girizildi. Ol 2024-nji ýylyň iýul aýynda güýje girmelidi. Kanuna laýyklykda, nikotiniň temmäki önümlerindäki konsentrasiýasy hem azalmaly we temmäki satýan söwda nokatlarynyň sany tutuş ýurt boýunça 6 müňden 600-e çenli azalmalydy. Bu çäreler arkaly Täze Zelandiýanyň hökümeti ýurtda çilim çekýänleriň sanyny 2025-nji ýyla çenli 8% -den 5% -e çenli azaltmagy maksat edinýärdi. Emma oktýabr aýynda ýurtda nobatdaky ählumumy saýlawlar geçirildi, netijede oppozision Milli partiýa häkimiýet başyna geldi we ýurduň parlamentine giren kiçi partiýalar bilen birleşen hökümetini döretdi. Milli partiýa daşary ýurt maýadarlarynyň ýerli gozgalmaýan emläk pudagyna maýa goýmagy üçin rugsady dikeldip, ýurtda salgytlary azaldyp biljekdigine umyt baglaýardy. Ýöne, hökümet birleşiginiň düzümine girýän populist New Zealand First partiýasy bu başlangyja garşy çykdy. Netijede, hökümet gaznany doldurmagyň beýleki çeşmelerini gözlemeli boldy we temmäki önümlerini satmakdan gelýän salgyt girdejilerinden ýüz öwürmegi maksada laýyk däl hasaplandy. Täze maliýe ministri Nikola Willis 2009-njy ýylda doglan we ondan kiçi ýaşlylara çilim çekmek gadagançylygynyň we kanunyň beýleki birnäçe düzgünleriniň 2024-nji ýylyň mart aýyna çenli ýatyryljakdygyny aýtdy.