“Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi “FourFourTwo” neşiri tarapyndan XXI asyryň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. “Altyn topuň” sekiz gezek eýesi bu at ugrundaky göreşde “Al-Nasryň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldudan öňe geçdi. Liderleriň üçlügini 2010-njy ýylyň dünýä çempiony we iki gezek Ýewro ýeňijisi (2008, 2012) ispaniýaly Andres Inýesta jemledi diýip, news.sportbox.ru habar berýär. Sanawyň ilkinji onlugyna ispaniýaly Hawi, braziliýaly Ronaldino, fransiýalylar Zinedin Zidan we Týerri Anri, germaniýaly Manuel Noýer, braziliýaly Kaka we urugwaýly Luis Suares hem girdi. Messi 36 ýaşynda, 2003-nji ýyldan 2021-nji ýyl aralygynda “Barselonada” çykyş edip, 10 gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, dört gezek Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy, Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde bolsa 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň altyn medalyna eýe boldy. 38 ýaşly Ronaldu “Altyn topa” bäş gezek eýe boldy. 2009-njy ýyldan 2018-nji ýyl aralygynda Madridiň “Realynda” çykyş edip, onuň düzüminde dört gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, iki gezek Ispaniýanyň çempiony boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir