Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde (COY18) geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça 18-nji Ýaşlar maslahatyna Türkmenistandan Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri gatnaşdy. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, bu çäre esasy konferensiýanyň – BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky konwensiýasynyň (COP28) ýyllyk konferensiýasynyň, 30-njy noýabrdan 12-nji dekabr aralygynda Dubaýda geçiriljek konferensiýanyň öňüsyrasynda guraldy. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar konferensiýasy BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky konwensiýasynyň (YOUNGO) ýaşlar guramalarynyň resmi korpusynyň gatnaşmagynda geçirildi. Dünýäniň dürli künjeklerinden müňden gowrak ýaşlar halkara klimat syýasaty barada pikir alyşmak üçin ýygnandy. Şu ýyl konferensiýa üç esasy ugra gönükdirildi: syýasat resminamalary, mümkinçiligi ýokarlandyrmak we hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maslahatlar. COY18-iň çäginde interaktiw çäreler, maslahatlar we çekişmeler geçirildi. BMG-niň Baş sekretary Antоniu Guterriş konferensiýa iberen ýüzlenmesinde howa ugrunda alnyp barylýan işlerde ýaşlaryň öňdäki hatarda durýandygyny aýtdy. Köpçülikleýin klimat syýasaty babatynda ýaşlaryň tekliplerini jemleýän bütindünýä beýannama kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir