5-nji dekabrda Moskwada Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler. Bu barada RF-iň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowa hepdelik brifingde aýtdy diýip, Trend habar berýär. “5-nji dekabrda Moskwada ýurdumyzyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýolbaşçylygynda Hazarýaka döwletleriniň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy meýilleşdirilýär” – diýip, ol belledi. Zaharowa duşuşygyň dowamynda Hazar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna üns bermek bilen, özara bähbitli meseleleriň giň toplumyna garamagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu duşuşyk 2022-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirilen VI Hazar sammitinde ylalaşylan mandatyň çäginde täze yzygiderli ministr dialogynyň başlanandygyny alamatlandyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir