Gyrgyzystanda döwlet baýdagynyň dizaýny üýtgediler. Konstitusiýa kanunçylygy, döwlet gurluşy, kazyýet-hukuk meseleleri we Ýokary geňeşiň düzgünleri boýunça komitet üýtgetmeleri tassyklady diýlip, gyrgyz parlamentiniň saýtynda habar berilýär. Bellenilişi ýaly, 28-nji noýabrda komitet ilkinji okalyşda “Gyrgyz Respublikasynyň döwlet nyşanlary baradaky kanuna “Üýtgetmeler girizmek baradaky” kanun taslamasyna seretdi we tassyklady. Kanun taslamasy üçin 66 deputat ses berdi, 8-isi garşy çykdy. Kanun taslamasy bilen Gyrgyzystan Respublikasynyň baýdagyndaky şöhleleriň şekilini tolkun şekilinden Günüň şöhlelerini ýada salýan göni şekile üýtgetmek göz öňünde tutulýar. Baýdakdaky Günüň şöhleleriniň eskizini taýýarlamak üçin ýörite awtorlar çekildi we olar matematiki hasaplamalary, çyzgylary we degişli işleri geçirdiler diýlip habarda aýdylýar. Gyrgyzystanyň milli baýdagynyň häzirki görnüşi 1992-nji ýylyň mart aýynda respublikanyň parlamentiniň deputatlary tarapyndan kabul edildi, şondan bäri onuň dizaýny üýtgemedi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir