Saud Arabystanynyň paýtagty 2030-njy ýylyň Bütindünýä sergisini geçirmek üçin ýer hökmünde saýlandy. Bu barada “Le Monde” gazetine salgylanyp, TASS habar berýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, Er-Riýad beýleki dalaşgärlerden ep-esli öňe geçdi. Ol 119 ses gazandy, şol bir wagtyň özünde ikinji orny eýelän Günorta Koreýanyň Pusan şäheri 29 ses aldy. Üçünji dalaşgär bolan Rim 17 ses aldy. Bütindünýä sergiler býurosynyň düzgünleri mümkin bolan 165 sesden azyndan 2/3 ses alan dalaşgäri ýeňiji diýip hasaplaýar. Birinji Bütindünýä sergisi 1851-nji ýylda Londonda geçirildi. Häzir olar bäş ýyldan bir gezek geçirilýär we alty aýa çenli dowam edýär. Soňky sergi Dubaýda geçirildi. 2025-nji ýylda ol Osakada geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir