29-njy noýabrda Aşgabatdaky «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi. Çärä Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA), göreşiň bu görnüşi boýunça Afrika bileleşiginiň (AKU) we Ýewropa konfederasiýasynyň (EKC), Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Kuraş federasiýasynyň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýder Farman Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýygnananlary gutlady. Bellenilişi ýaly, çempionatda 4 yklymyň 45 ýurdundan 181 türgen 15 medal toplumy ugrunda bäsleşdi. 2023-nji ýylyň dünýä çempionatynyň dowam edýän günlerinde geçirilen IKA-nyň kongresine bolsa Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan, şeýle hem Günorta we Demirgazyk Amerikadan 53 ýurduň wekiliýetleri gatnaşdylar. Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda iki günläp dowam eden ýaryş Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň ajaýyp ýeňşi bilen tamamlandy. Türkmen türgenleri 15 agram derejesinde çykyş edip, jemi 15 medal gazandylar. Şolaryň 5-si altyn, 6-sy kümüş we 4-si bürünç medallardyr. Bu görkezijiler bilen türkmen pälwanlary medallaryň umumy sany boýunça beýleki toparlardan ep-esli öňe saýlandylar. Gazanylan altyn medallaryň sany boýunça diňe toparlaýyn bäsleşikde 7 altyn, 1 kümüş we bürünç medaly bolan Özbegistanyň milli ýygyndy toparyndan yza galdylar. Öňdebaryjy üçlügi Gazagystanyň milli ýygyndy topary tamamlap, gazak kuraşçylary 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar. Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşan jemi 45 ýurtdan 16 ýurduň türgenleri hormat münberine çykdylar. “Türkmenistanyň has uly netijelere-de ýetjekdigine ynanýaryn. Türkmenistan — sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürýän ýurt. Bu ýerde köp sanly sport toplumlaryny görmek bolýar. Adamlaryň sport bilen meşgullanmaklary we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekleri üçin hemme şertler döredilen. Bu bolsa örän ajaýyp” diýip, Halkara kuraş assosiasiýasynyň Baş sekretary Reza Nassiri mediaforumda eden çykyşynda belledi. Mediaforumda şeýle hem Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döredendigi nygtaldy. Çempionatyň bäsleşikleri «TürkmenÄlem 52oE» emeli aragatnaşyk hemrasy arkaly «Türkmenistan Sport», «Ýaşlyk», Täjigistan Respublikasynyň «Warziş», Özbegistan Respublikasynyň «Sport» teleýaýlymlarynda, şeýle hem ählumumy internet torunda göni ýaýlymda görkezildi. «Мir 24», «TRT Avaz», “CCTV”, “Euronews” teleýaýlymlarynda bu ýaryşa bagyşlanan ýörite gepleşikler we wideorolikler ýaýlyma berildi. Şeýle hem bu çempionat barada Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň «Asiavision» habarlar toparynyň Halkara habarlar merkeziniň ýaýlyma beriş kompaniýalarynda beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, Kuraş boýunça dünýä çempionaty baradaky makalalar Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň (AIPS) we Sport metbugatynyň Aziýa birleşiginiň (ASPU) neşirlerinde çap edildi. Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly žurnalistler hem iri sport baýramçylygyny şöhlelendirmekde uly işleri alyp bardylar. Olaryň maglumatlarynda Aşgabatda geçirilen çempionatyň guramaçylygynyň ýokary derejesi beýan edilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir