29-njy noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda komitetiň altynjy mejlisiniň gün tertibi boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, mejlise taýýarlygyň çäklerinde söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, ynsanperwer we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk babatda kiçi komitetleriň mejlisleri hem-de beýleki duşuşyklar geçirildi. Aşgabatda boljak gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki mejlisiň netijeleriniň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigine ynam bildirildi. Strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary döwlet, Hökümet we ministrlikler derejesinde netijeli ösdürilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, parlament we partiýa wekilleriniň gatnaşyklary işjeňleşdirilýär. Sebitara hyzmatdaşlyk hem täze ösüşe eýe boldy. Soňky ýyllarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň täze derejä çykandygy bellenildi. Köp ýyllardan bäri Hytaý Türkmenistanyň iň iri daşary ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow we Din Sýuesýan umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir