Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna iberen hatynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisiniň hem-de «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen serginiň üstünlikli geçirilmegine kanagatlanma bildirdi. «17-18-nji noýabrda gözel Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisiniň hem-de «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen serginiň üstünlikli geçirilmeginden diýseň kanagatlanýandygymy beýan etmek isleýärin» diýlip hatda bellenilýär. Şeýle hem eýran Lideri Hökümetara toparyň mejlisiniň ahyrynda degişli Teswirnama we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça beýleki resminamalaryň birnäçesine gol çekilmeginiň iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ähli ugurlardaky özara gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyklaryny görkezýändigini belledi. «Iki döwletiň degişli edaralarynyň özara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen tagallalarynyň netijesinde, soňky iki ýylyň dowamynda özara ykdysady gatnaşyklaryň okgunly ösüşe eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen aýtmak isleýärin» diýip, Raisi nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir