Oktýabr aýynda Ýaponiýanyň Toyota awtokonserniniň halkara önümçiliginiň we satuwynyň möçberi bu aý üçin rekord görkezijilere ýetdi. Bu barada korporasiýanyň hasabatyna salgylanyp, TASS habar berýär. Önümçiligiň göwrümi 900 müň awtomobil boldy we bu 2022-nji ýylyň degişli döwründäkiden 16,7% köpdür. Şol bir wagtyň özünde, satuw möçberi 7% ýokarlanyp, 890 müň birlige ýetdi. Kyodo agentliginiň maglumatlaryna görä, degişli oňyn tendensiýalar, esasanam, Ýewropanyň we Demirgazyk Amerikanyň bazarlarynda Toyota önümlerine sarp edijileriň isleginiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. 2022-nji ýylda Toyota golçur kompaniýalary Daihatsu we Hino bilen bilelikde 10,48 mln awtoulag satyp, dünýäde awtomobil satuwy boýunça yzygider üçünji ýyl birinji orny eýeledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir