LC Waikiki brendiniň Aşgabatdaky resmi dükanynda dünýäde hiç ýerde duş gelmeýän aksiýa dowam edýär. LC Waikiki 1 haryt alan müşderä ýene 1 harydy mugt berýär. Bu aksiýa 1 gün, 1 hepde ýa-da 1 aý däl, tutuş 365 günläp dowam eder. Ol 22-nji noýabrda başlandy. LC Waikiki dükanyna ýylyň dowamynda täze kolleksiýalaryň gelip durýandygyny göz öňünde tutsak, onda tutuş bir ýyllap dükana baryp diňe bir harydyň puluny töläp ikisini alyp gaýdybermeli. LC Waikiki-de tölegler nagt hem nagt däl görnüşinde kabul edilýär. Dükanda zenanlar, erkekler, şeýle-de çagalar üçin, ýagny tutuş maşgala üçin egin-eşikleriň, aýakgaplaryň giň toplumy bar. Ýakynda Aşgabatdaky FLO aýakgap dükany hem dünýäde ilkinji bolup 365 günläp ähli harytlaryna 70% arzanlaşyk yglan etdi. LC Waikiki dükany «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 3-nji gatynda ýerleşýär. Tel: +993 61 176533; +993 61 175229 Instagram: lcw_turkmenistan

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir