Türkmenistan 2023-nji ýylyň başyndan bäri 103 müň tonna golaý pomidor eksport etdi. Bu barada «Biznes reklama» gazetiniň 27-nji noýabrdaky sanynda çap edilen telekeçi Döwletgeldi Ballyýewiň makalasynda bellenilýär. Awtoryň Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp ýazmagyna görä, türkmen telekeçileri 2021-nji ýylda pomidoryň 71 müň tonna golaýyny, 2022-nji ýylda 104 müň tonnadan gowragyny daşary ýurtlara eksport etdiler. 2023-nji ýylyň başyndan bäri bolsa bu görkeziji 103 müň tonna golaý boldy. Munuň özi bolsa Merkezi Aziýadaky iň iri pomidor eksportýoryna öwrülen Türkmenistanyň bu gök önümiň daşary ýurtlara satylan möçberi boýunça geçen ýylky rekord görkezijini bu ýyl ýene-de täzelejekdigine ynam döredýär. Mundan başga-da, «Biziň ýurt derejesindäki geçiren seljermelerimiz Türkmenistanda bir günde satyn alynýan ýa-da sarp edilýän gök önümleriň 30 göteriminiň ýeralmanyň, 18 göteriminiň pomidoryň, 15 göteriminiň soganyň 8 göteriminiň bolsa hyýaryň paýyna düşýändigini görkezdi» diýlip, makalada bellenilýär. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistandan daşary ýurtlara iberilýän pomidoryň aglaba bölegi döwrebap ýyladyşhanalarda ýetişdirilýär. Häzirki wagtda ýurtde şeýle ýyladyşhanalaryň umumy meýdany 800 gektar töweregidir. Ýene-de umumy meýdany 600 gektar töweregi döwrebap ýyladyşhanalaryň bolsa gurluşygy alnyp barylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir