Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Azerbaýjana Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 108 516 syýahatçy geldi. Munuň özi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 85 göterim ýokary (58 707 adam) diýip, «Trend.az» habar berdi. Azerbaýjanyň Syýahatçylyk boýunça döwlet gullugynyň habaryna görä, hasabat döwründe ýurda Türkmenistandan gelýän syýahatçylaryň sany 20 915 adam bolup, bu görkeziji 166 göterim ýokarlandy. Degişli döwürde ýurda Gazagystandan gelýän syýahatçylaryň sany 47 867 adam (ýylyň dowamynda 88 göterim ýokarlandy), Özbegistandan — 31 416 adam (ýylyň dowamynda 52 göterim ýokarlandy), Gyrgyzystandan — 4 545 (ýylyň dowamynda 76 göterim ýokarlandy), Täjigistandan — 3864 (ýylyň dowamynda 79 göterim ýokarlandy) geldi. Hasabat döwründe Azerbaýjana jemi 1 724 218 adam syýahat etdi, bu bolsa 30 göterim ösüş diýmekdir. 2017 — 2022-nji ýyllarda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 411 141 adam Azerbaýjana syýahat etdi. Şolardan 119 201 adam Türkmenistanyň raýatlary diýip, çeşme belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir