Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysy Aşgabatda dowam edýän dünýä çempionatynda bäşinji kümüş medalyny erkekleriň arasynda 73 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Bu agram derejesinde çykyş eden Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebiniň tälimçisi Şatlyk Jumanyýazow finalda gazagystanly Abilkair Mauleninden asgyn geldi. Şeýlelikde, Türkmenistan dünýä çempionatynda bäşinji kümüş medalyny gazandy. Şeýle hem Türkmenstanyň dört altyn we dört bürünç medaly bar. Bu duşuşykdan soň Gazagystan şu dünýä çempionatyndaky ilkinji altyn medalyny gazandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir