Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatyny Türkmenistanyň milli ýygyndysy altyn medal bilen tamamlady. Iki günläp dowam eden çempionatyň iň soňky altyn medalyny Kerkili bedenterbiýe mugallymy Daýanç Omirow eýeledi. Ol 81 kilograma çenli agram derejesinde finalda gazagystanly Bekadil Şaimerdenowy ýeňip, hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. Şeýlelikde, Türkmenistan dünýä çempionatyny 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal bilen tamamlady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir