2023-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 88%-den gowrak we soňky iki ýylda takmynan 10 esse ýokarlandy. Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bu barada sosial ulgamyndaky hasabynda ýazdy diýip, «Report» habar berdi. Ministr söwda gatnaşyklaryny höweslendirmegiň oňyn netijeleri berýändigini aýtdy. «Türkmen-Azerbaýjan işewürler maslahatynda bu dinamiki durnuklylyga goşant goşmak, özara maýa goýum taslamalaryna baha bermek we işjeň hyzmatdaşlyk etmek üçin ýurtlarymyzyň işewür toparlaryny çagyrdyk» diýlip, habarda ministriň sözleri getirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir