Ozal habar berşimiz ýaly, söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 26 — 28-nji noýabr aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Şu gün Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Täjigistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hatyny gowşurdy. Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa salamyny we iň gowy arzuwlary ýetirdi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşykda dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, söwda-ykdysady we maýa goýum işleriniň güýçlendirilmegine aýratyn üns berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir