Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň din wekilleriniň Geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň müftüsi Ý.Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Özbegistanyň Musulmanlar geňeşiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 27-nji noýabrda geçirilen melisde bellenilip geçilişi ýaly, soňky ýyllarda gurama agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň başlangyjy bilen, köp asyrlyk milli we dini gymmatlyklary gorap saklamaga, halklaryň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Bellenilişi ýaly, Türki Döwletleriň Guramasynyň din wekilleriniň Geňeşiniň döredilenine bir ýyl bolandygyna garamazdan, ynsanperwer ulgamda yzygiderli özgertmeler amala aşyrylyp başlandy. Guramanyň agza ýurtlarynyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde, halklaryň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklary barha güýçlenýär. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň müftüsi çykyş edip, soňky ýyllarda doganlyk ýurtlaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşyp, barha ösdürilýändigini nygtady. Şeýle duşuşyklaryň guramanyň çäginde halklary has-da ýakynlaşdyrýandygyny we dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha ilerledip, özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýörelglerini pugtalandyrýandygyna ünsi çekdi. Şular bilen baglylykda, häzirki wagtda Bitarap Türkmenistanda halkyň köp asyrlyk milli we ruhy ýörelgelerine, yslam gymmatlyklaryna örän aýawly çemeleşilýändigini, şeýle-de olary gorap saklap, geljekki nesillere-de aşyrmak üçin, döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi. Mejlisiň ahyrynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça degişli resminamalara gol çekildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir