Aşgabat şäherinde Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) wekilhanasy açyldy. Bu barada «Report.az» habar berdi. – Türkmenistana iş saparymyzyň çäklerinde biz SOCAR-yň prezidenti Röwşan Nejaf bilen bilelikde Aşgabatda Azerbaýjanyň bu iri nebit kompaniýasynyň wekilhanasynyň açylyşyna gatnaşdyk. Bu başlangyç iki ýurduň ýangyç-energetika pudagyndaky umumy bähbitlerini durmuşa geçirmekde, kompaniýanyň Türkmenistanda uzakmöhletleýin işininiň netijeliligini has-da ýokarlandyrmakda örän ähmiýetlidir – diýip, M.Jabbarow belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir