Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty milli sportumyzyň ajaýyp ýeňşi bilen tamamlandy. Bu ýaryş dünýäniň dört yklymynyň – Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Günorta we Demirgazyk Amerikanyň sport wekillerini bir ýere jemledi. Bu barada TDH habar berildi. Ýaryşyň iki gününiň netijeleri boýunça türkmen türgenleri erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8, jemi 15 agram derejesinde 15 medal gazandylar. Çempionatyň birinji gününde türgenlerimiz 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal gazanmagyň hötdesinden geldiler. Dinara Rozykulowa (63 kilograma çenli) we Mariýa Lohowa (70 kilograma çenli) hormat münberiniň iň ýokary basgançagynda orun aldylar. Aýşirin Haýdarowa (48 kilograma çenli), Aýnur Amanowa (52 kilograma çenli) we Sanjar Abdyrahmanow (90 kilograma çenli) kümüş medala, Gülşat Annaýewa (57 kilograma çenli), Ruslan Esgerow (100 kilograma çenli), Sapa Sapaýew (100 kilogramdan ýokary) bolsa bürünç medallara eýe boldular. Galan 7 medal toplumy ugrunda ýaryşlar şu gün – dünýä çempionatynyň jemleýji gününde geçirildi. Erkekleriň arasynda 4, zenanlaryň arasynda hem 3 agram derejesinde geçirilen ýaryşlaryň netijeleri boýunça türkmenistanly türgenler ýene-de 3 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldular. Ýurdumyzyň ýygyndy toparyna üçünji altyn medaly Wepa Awlýakulyýew (60 kilograma çenli) getirdi. Ol birinji tapgyrda Mohammed Al-Garrawiden (Yrak) üstün çykdy. Çärýek finalda Anil Anili (Hindistan), ýarym finalda Muslimbek Karimowy (Täjigistan), finalda bolsa Ýernur Suleýmeni (Gazagystan) ýeňmegi başardy. Şunda gazagystanly pälwan kümüş medala, täjigistanly Muslimbek Karimow we eýranly Said Talebi Nia bürünç medala mynasyp boldular. Türkmenistanyň toparynda dördünji altyn medaly dünýä çempionatyna ilkinji gezek gatnaşýan Sabina Kadyrowa (78 kilograma çenli) eýelemegi başardy. Ol birinji tapgyrda, duşuşygyň 16-njy sekundynda Andrea Guillenden (Meksika) üstün çykdy. Soňra türgenimiz çärýek finalda Şital Şitaldan (Hindistan), ýarym finalda we finalda çekeleşikli duşuşyklarda, degişlilikde, bürünç medalyň eýesi Saba Karamaliden (Eýran) we dünýäniň wise-çempiony Filura Ergaşowadan (Özbegistan) üstün çykdy. Şu agyrlyk derejesinde bürünç medallaryň ýene biri Çia-Lin Liuwa (Hytaý Taýpeýi) gowşuryldy. Ýurdumyzyň toparynda bäşinji altyn medala Daýanç Omirow (81 kilograma çenli) mynasyp boldy. Şeýle üstünlige barýan ýolda ol ilki Tom Belen Santanuwdan (Dominikan Respublikasy), soňra bolsa Çansik Wudan (Koreýa Respublikasy), Ramin Ahmadzadeden (Eýran), Bekadil Şaýmerdenowdan (Gazagystan) üstün çykdy we hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna baryp ýetdi. Gazagystanly pälwan Bekadil Şaýmerdenow kümüş medala, eýranly Ramin Ahmadzade we özbegistanly Umid Esanow bürünç medala mynasyp boldular. Türkmenistanyň toparynda kümüş medala Şatlyk Jumanyýazow, Jahan Muhammedowa we Sabina Agajanowa mynasyp boldular. Şatlyk Jumanyýazow 73 kilograma çenli agyrlyk derejesinde kümüş medaly eýeledi. Abdilkair Maulenin (Gazagystan) altyn medala, Niko Tçikaidze (Gruziýa) we Jaedeog Kwon (Koreýa Respublikasy) bürünç medala mynasyp boldular. Jahan Muhammedowa 87 kilograma çenli agyrlyk derejesinde hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykmagy başardy. Bu derejede Pokizahon Kamoldinowa (Özbegistan) dünýäniň çempiony bolsa, Moldir Nurlanbek (Gazagystan) we Pargati (Hindistan) bürünç medaly eýelediler. Toparymyzdaky kümüş medallaryň ýene-de biriniň eýesi Sabina Agajanowa alty ýyl mundan ozal Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda jiu-jitsu boýunça ýaryşlarda ikinji orny eýeläpdi. Ine, indi bolsa ol 87 kilogramdan ýokary agramda kuraş boýunça dünýäniň wise-çempiony boldy. Bu ýaryşda taryhda ilkinji gezek göreşiň şu görnüşinde Audreý Arelis Puello Peres Dominikan Respublikasyna altyn medaly getirdi. Ýaryşda Samriti (Hindistan) we Fateme Barmaki Kordkolai (Eýran) bürünç medala mynasyp boldular. Türkmenistanyň ýygyndy toparynda Döwlet Hemrakulyýew (66 kilograma çenli) bürünç medal gazandy. Şu agyrlyk derejesinde ikinji bürünç medala Hairandeşi Murodzoda (Täjigistan) mynasyp boldy. Majid Wahid Barimanlu (Eýran) kümüş medaly eýelese, Çori Zoirow (Özbegistan) dünýäniň çempiony diýen ada mynasyp boldy. Soňky ýyllarda türkmen türgenleri kuraş boýunça uly üstünlikleri gazandylar. Hindistanda geçirilen ozalky dünýä çempionatynda ildeşlerimiz 1 kümüş we 2 bürünç medal gazanypdylar. Şu gezekki ýaryşda bolsa ýurdumyzyň ýygyndy topary 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle görkeziji bilen biziň pälwanlarymyz medallaryň umumy sany boýunça (15) beýleki toparlardan ep-esli öňe geçmegi başaryp, altyn medallaryň sany babatda diňe Özbegistanyň ýygyndy toparyny öňe geçirdi. Özbegistanyň pälwanlary 7 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldular. Baýrakly üçünji orny Gazagystanyň ýygyndy topary eýeledi. Bu ýurduň pälwanlary 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal bilen ýaryşy tamamladylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir