Ozal habar berşimiz ýaly, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Türkmenistanda saparda bolýar. Saparynyň çäklerinde ministr Aşgabatda şu gün öz işine başlan «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergisine gatnaşdy diýip, «Report.az» habar berýär. Bellenilişi ýaly, Türkmenistana saparynyň çäginde Mikail Jabbarow we onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary halkara sergä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň türkmen tarapynyň başlygy Batyr Atdaýew bilen bilelikde gatnaşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir