«NG Kutahya» dükany Täze ýyly täzelenen interýer bilen garşy almaga kömek eder. Bu ýerde diňe bir türk haryt nyşanynyň jaýy abatlamak we abadanlaşdyrmak üçin niýetlenen harytlarynyň dürli görnüşleri hödürlenmän, eýsem, 2023-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli olary 50%-e çenli arzan bahadan satyn almak boýunça ajaýyp mümkinçilik hem döredilendir. Amatly mümkinçilikden peýdalanyp, bu ýerde asyl bahasynyň ýarysyna santehnika enjamlaryny we hammam otagy üçin mebelleri, kranlary, duş ulgamlaryny, aksessuarlary we goşmaça bölekleri, ýyladyş radiatorlaryny, pollary we diwarlary bezemek üçin keramogranitiň dürli görnüşlerini, laminatlary, şeýle hem bagbançylyk mebellerini, bio-kaminleri we olar üçin ýangyjy (bio-etanol) satyn alyp bilersiňiz. Şeýle hem dükan harytlary Aşgabadyň islendik ýerine mugt, ýurduň welaýatlaryna bolsa ylalaşylan bahadan eltip bermek mümkinçiligini döredýär. «NG Kutahya» dükanynyň hödürleýän önümleriniň baý görnüşlerii bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz: Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby, senagat zolagynyň çägi, «NG Kutahya» binasy. Habarlaşmak üçin telefon: 611 611.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir