Türkmenistan we Azerbaýjan hyzmatdaşlygy giňeltmek, bilelikdäki taslamalar we energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Muny Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrligine salgylanyp, «Report.az» habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Türkmenistana iş saparynyň çäginde birnäçe duşuşyklary geçirdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara giňişlikde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan ädimler we olaryň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda iki ýurduň baý potensialyna we serişdelerine laýyklykda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa etmek üçin amatly mümkinçilikler bellenip geçildi. Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň uly möçberdedigi nygtaldy. Taraplar ynsanperwerlik, ulag, üstaşyr we portara hyzmatdaşlygy, şeýle hem Türkmenistandan Azerbaýjana elektrik energiýasynyň eksport edilmegi meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Amanow we onuň kärdeşleri bilen bilelikde, SOCAR-yň prezidenti Röwşan Nejafyň hem gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin gowy mümkinçilikleriň bardygy bellendi. Türkmen-Azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryndan biri bolan bu pudakda berk gatnaşyklar ýola goýuldy. Taraplar gün tertibinde energetika hyzmatdaşlygy meselelerini, energiýa alyş-çalşygyndaky häzirki ýagdaýy we «Dostluk» uglerod ýatagyny bilelikde ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir