Täze ýyl üçin ýakynlaryňyza bir zatlary örmek ýa-da özüňizi owadan täze eşik bilen begendirmek isleýärsiňizmi? Onda Aşgabatdaky «Ýüplük dünýäsi» dükanyna baryp görüň – bu ýer size gaýtalanmajak şahsy stiliňizi döretmäge ylham berer. Mundan başga-da, şu günler dükanda ýüplükleri 25% arzanladyş bilen satyn alyp bilersiňiz, şeýle hem gelip gowşan täze reňkli ýüplükler bilen tanşyp bilersiňiz. Bahalar 31-nji dekabra çenli arzanladylar. Dükanda tebigy we sintetiki süýümlerden taýýarlanan ýüplükleri, şeýle hem «Himalaya», «Alize», «Bugetto», «Gazzal», «Kartopu», «Nako», «Oren Bayan» ýaly öňdebaryjy öndürijileriň dürli öwüşginli ýüplüklerini tapyp bilersiňiz. Şeýle hem «Ýüplük dünýäsi» örüm örmek amatly gurallaryň we esbaplarynyň giň görnüşlerini hödürleýär. Olaryň arasynda: çişler, gaňyrçaklary, gaýçylar, markerler, çyzgyçlar, torbalary ýa-da aýakgaplary taýýarlamak üçin taýyn biçüwler, ýumşak oýunjaklar üçin doldurgyçlar we beýlekiler bar. Dükanyň işgärleri döredijilikli pikirleriňizi durmuşa geçirmek üçin ýüplükleri we gurallary saýlamaga kömek ederler. Şeýle hem dükanda Aşgabadyň hemme ýerinde eltip bermek hyzmaty hereket edýär. «Ýüplük dünýäsi» dükany Aşgabatda şu salgyda ýerleşýär: Parahat-7 ýaşaýyş toplumy, «Bereketli» bazary, 2-nji gat, dükan №180.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir