Hindistanyň demirgazygyndaky Uttarakhand ştatynda ýykylan ötükde galan işçileriň ählisi halas edildi diýip, «Ani» habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär. «Silkýardaky ötükde galan işçileriň 41-si halas edildi» diýlip, habarda aýdylýar. Ötük 12-nji noýabrda ýumruldy, 17 günläp onuň içinde gurluşykçylaryň 41-si galdy. Şu döwürde halas edijiler olar bilen aragatnaşyk saklap, iýmit, suw we ýörite turba arkaly kislorod geçirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir