RSFSR-niň halk artisti Mihail Boýarskiý hassahana ýerleşdirildi, ol infarkt geçirdi diýip, artistiň ogly Sergeý Boýarskiý «Interfax.ru» habarlar gullugyna beýanat berdi. «Kakam infarkt geçirdi, özüni oňat duýýar, onuň bilen telefonda gürleşdim, adaty palatada ýatyr. Aladalanýanyňyz üçin sag boluň» diýip, Boýarskiniň ogly habarçylara gürrüň berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir