Türkmenistan bilen Azerbaýjan «Dostluk» uglerod ýatagyny bilelikde ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow sişenbe güni sosial ulgamdaky hasabynda ýazdy diýip, «Trend.az» habar berýär. «Türkmenistana iş saparynyň çäginde SOCAR-yň prezidenti Röwşan Najaf we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow we onuň kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini, şol sanda energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdyk» diýip, ministriň sosial ulgamdaky ýazgysynda bellenilýär. Şeýle hem habarda «Dostluk» ýatagynda uglewodorod baýlyklaryny bilelikde işlemegiň, şeýle hem SOCAR-yň Türkmenistandaky ýataklary özleşdirmäge gatnaşmagy üçin mümkinçilikleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy aýdylýar. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hökümetleriniň arasynda Hazar deňzindäki «Dostluk» uglewodorod ýatagynda bilelikde gözleg, işläp taýýarlamak hem-de özleşdirmek işlerini geçirmekde özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir