Iki ýaşly amerikaly gyzjagaz Isla Maknabb (Kentukki ştaty) Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi, ol uly ýaşly jemgyýetiň ösen akyl derejeli iň ýaş agzasy diýlip yglan edildi diýip, «MIR 24» habar berýär. Islanyň kakasynyň gürrüň bermegine görä, ol ýedi aýlykka agzalan zatlaryň kitaplardaky şekillerini görkezmegi başarypdyr. 18 aýlykda elipbiýi öwrenipdir, iki ýaşynda okap başlapdyr. Ol ähli sanlary we reňkleriň köpüsini tanaýar. Häzir Isla üç ýaşynda, ol çagalar bagyna gatnaýar. Ol matematikany, surat çekmegi we okamagy halaýar. Ene-atasy onuň üçin özbaşdak okuw maksatnamasynyň düzülmegini we mekdebe ýedi ýaşdan ir kabul edilmegini isleýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir