«Älem Sport» sport dükanlarynyň tory SMM-menejer hem-de satyn alyş boýunça hünärmen wezipelerine täze boş iş orunlaryny yglan etdi. Satyn alyş boýunça hünärmen wezipesine ýaşaýan ýeri boýunça Aşgabatda hasaba duran 25 — 35 ýaş aralygyndaky gyzlar çagyrylýar. Aýlyk haky — 2000 manat. Iş wagty: 9:00-dan 18:00-a çenli. Işgäriň wezipe borçlaryna şular girýär: - harytlary satyn almak işini guramak we gözegçilikde saklamak; - täze paýlaýjylary gözlemek we uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmak; - iň girdejili teklipleri kesgitlemek üçin bazary derňemek hem-de optimizasiýa; - önümiň görnüşini optimizirlemek üçin satuw bölümi bilen ýygjam aragatnaşyk saklamak; - ammara öz wagtynda eltilmegini üpjün etmek üçin harytlary meýilleşdirmek we gözegçilik etmek. Dalaşgärden bu ugurda tejribesiniň bolmagy, şeýle-de «Excel», «Akhasap» programmalaryny ulanmak başarnygy, rus we türkmen dillerini bilmegi talap edilýär. Arzany şu salgylanma arkaly tabşyryp bilersiňiz. Telefon: (+993 65) 79 44 10. SMM-menejer wezipesine 18 ýaşdan 27 ýaş aralygyndaky dalaşgärler çagyrylýar. Aýlyk haky — 2000 manat + bonuslar. Iş wagty: 12:00-dan 22:00-a çenli. Hünärmen sosial media ulgamynda mahabat strategiýalaryny işläp düzmek we durmuşa geçirmek, kontentleri döretmek hem-de dolandyrmak, hasabat bermek we ş.m. işleri alyp barmalydyr. Dalaşgärler üçin şu talaplar bildirilýär: - azyndan 1 ýyl iş tejribesi bolmaly; - esasy sosial media ulgamyny, olaryň algoritmlerini we mahabat mümkinçiliklerini bilmeli; - mahabat strategiýasyny işläp düzmegi we özüne çekiji kontentleri döretmegi başarmaly. Arzany şu salgylanma arkaly tabşyryp bilersiňiz. Telefon: (+993 65) 79 44 10.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir