Ýalňyzlyk zenanlara garanda, erkekler üçin has agyr düşýär. Bu barada Russiýada geçirilen ýörite pikirsoraşmanyň netijelerinde aýdylýar diýip, «MIR 24» ýazýar. Zenanlar 10 bal ölçegi boýunça öz ýalňyz durmuşlarynyň amatlylygyna 6,1 bal derejede, erkekler 5 bal derejede baha berdiler, şol bir wagtda erkekleriň we zenanlaryň ýarysyndan gowragy ýanýoldaşly bolmak isleýändiklerini aýtdylar. Pikiri soralanlaryň üçden bir bölegi özleri bilen ýakymly pursatlary paýlaşar ýaly ýanýoldaş gözleýärler, 30 göterimi üçin bolsa maşgala gurmak wajyp bolup çykdy. Erkekleriň 17 we zenanlaryň 8 göterimi öz söýgüli ýanýoldaşlary bilen çaga edinip bilmejekdikleri üçin birahat bolýarlar. Her onunjy russiýaly zenana ýanýoldaş tapynmakda çakdanaşa ýokary talaplar, erkekleriň 14 göterimine bolsa, sallahlykda edinen endikleri päsgel berýär. Pikirsoraşma 18 ýaşdan ýokary bolanlaryň 1672-si gatnaşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir