Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow 28-nji noýabrda Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň (JETRO) täze bellenilen Ýerine ýetirji wise-prezidenti Nobutaka Maekawanyň bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi. Bellenilişi ýaly, duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri we ozal gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylyşy barada pikir alyşdylar. Hususan-da, ýapon tarapy kiçi we orta telekeçilik kärhanalarynyň arasynda özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek bilen bagly zerur bolan ýardamlary bermäge taýýardygyny habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir