5-nji dekabrda Moskwa şäherinde Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler. Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň başlyklyk etmeginde geçiriljek duşuşyga türkmen wekiliýeti hem gatnaşar. Bu barada RF-iň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowanyň sözlerine salgylanyp, TASS habar berdi. «5-nji dekabrda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň başlyklyk etmeginde Hazarýaka döwletleriň — Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär» diýip, M.Zaharowa belledi. M.Zaharowanyň aýtmagyna görä, bu duşuşyk arkaly 2022-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde gazanylan ylalaşygyň çäginde ministrler derejesindäki täze yzygiderli dialog ýola goýlar. Mundan başga-da, rus diplomaty duşuşygyň dowamynda Hazarýaka hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna uly üns berlip, özara gyzyklanma bildirilýän köp sanly meselä garamagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda Hazarýaka döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň hem birnäçesiniň geçirilmegine garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir